Emeli aň ABŞ-da suw baýlyklaryny goramak boýunça düzgünlerde nädürslükleri ýüze çykardy. Tehnologiýa ýylda 1 mlrd dollardan gowrak tygşytlamaga kömek eder

  • 31.01.2024 14:34
  • 3.9k+

Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary maşyn bilimini ulanmak arkaly gözleg geçirdiler we onuň netijesinde 2020-nji ýylda ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan kabul edilen düzgüniň ýurduň batgalyk ýerleriniň, çeşmeleriniň we agyz suwlarynyň düzgünleşdirilmegini näderejede ýatyrandygyny anykladylar.

Ferra-nyň habar bermegine görä, seljerme bu düzgüniň, umumy alanyňda, 1 110 000 km çeşmäniň goragyny ýatyrýandygyny görkezdi. Şeýle-de, ol öý hojalyklarynyň kranlaryna agyz suwuny berýän suw basseýnleriniň 30%-ini düzgünleşdirmekden aýyrýar.   
Şeýle düzgünleşdirmekden aýyrma daşky gurşawa düýpli täsir edip biler, sebäbi batgalyk ýerler suw joşmasynyň öňüni almak we suwuň süzülmegi ýaly möhüm peýdalary üpjün edýär.
Şeýle-de, gözlegçiler işlenip taýýarlanan maşyn biliminiň modeliniň düzgünleşdiriji edaralar we gurluşykçylar üçin rugsat almak üçin ýylda 1 mlrd dollardan gowrak pul tygşytlamaga kömek etjekdigini aýdýarlar. Bu emeli aňyň rugsat almagyň dowamly we näbelli prosesleriniň zerurlygyny aradan aýryp, ýeriň düzgünleşdirişe degişli bolmak ähtimallygyny çalt we takyk aýdyp biljekdigi bilen baglanyşyklydyr. 


05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
7.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......