Polşanyň ýaşaýjysy buzda üç sagatdan gowrak wagt geçirip, rekord goýdy

  • 30.01.2024 10:01
  • 25k+

Polşaly Katažina Ýakubowski buz kubiklerinden doldurylan gutuda üç sagatdan gowrak wagt saklanyp, aýallaryň arasynda sowuga çydamlylyk boýunça rekord goýdy. 48 ýaşly türgeniň netijesi 3 sagat 6 minut 45 sekunt boldy. Bu barada MIR24 habar berýär.

Erkekleriň arasynda rekord onuň watandaşy Kşiştof Gaýewskä degişlidir – ol buzda 3 sagat 11 minut 27 sekunt boldy.

Rekord goýmazdan öň, Polşanyň ýaşaýjysy bu tejribäniň saglygyna ýaramaz täsir etmejekdigine göz ýetirmek üçin lukmançylyk barlaglaryndan geçdi. Synagdan öň ol üç türgenleşik synanyşygyndan geçip, öz bedeniniň temperaturasynyň üýtgemelerine syn etdi. Şeýle-de, Katažina kislorod terapiýasynyň, massažyň we öz-özüni ynandyrmagyň kömegi bilen taýýarlandy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.


şu gün 10:46
2.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....