Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesinde galjakdygyny aýtdy

  • 29.01.2024 21:38
  • 2.5k+

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel mandatynyň ahyryna çenli öz wezipesinde galjakdygyny we Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara gatnaşmajakdygyny aýtdy. Ol bu barada özüniň «Facebook» sahypasynda ýazdy.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy kararyny özüne köp sanly tankytlaryň gönükdirilendigi bilen düşündirdi.

«Şol sebäpden häzirki wezipämi doly ýerine ýetirmek we üpjün etmek üçin Ýewropa saýlawlaryna gatnaşmaýaryn» diýip, Mişel ýazgyny paýlaşdy.

Şeýle hem ol özüniň aç-açan hereket edendigini we Ýewropa Geňeşinden gitmegine taýynlyk görmegi üçin meýilnamalaryny öňünden yglan edendigini aýtdy. Şeýle hem Mişel negatiw reaksiýanyň derejesine kembaha garandygyny boýun aldy.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň «geljegi barada oýlanmak üçin özüne wagt aýyrjakdygyny» aýtdy.
Ozal Şarl Mişeliň 2024-nji ýylyň tomsunda möhletinden öň wezipesinden gitjekdigi habar berlipdi. Syýasatçy Ýewropanyň deputaty bolmak isleýärdi we munuň üçin oňa häzirki wezipesinden gitmek gerekdi.


05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.8k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....