Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçiriljek ýaşulularyň mejlisiniň gün tertibini maslahatlaşdy

  • 28.01.2024 12:18
  • 10k+

Türkmenistanda ýaşulularyň gatnaşmagynda mejlis geçiriler. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda geçiren iş maslahatynda ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şunda häzirki döwrüň wajyp wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşlaryň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.
Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......