WAM habarlar agentliginiň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Abu-Dabide geçiriljek Ählumumy metbugat kongresine çagyrdy

  • 27.01.2024 16:36
  • 6.8k+

25-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek sapar bilen bolýan «WAM» habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we «WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça  hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«WAM» habarlar agentliginiň Baş direktory türkmen tarapyny öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi bilen tanyşdyrdy we maglumat hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde BAE-niň wekilýetiniň şu gezekki amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi.
M.Bäşimowa iki döwletiň arasynda ýola goýulan gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, onuň şeýle bolmagyna iki döwletiň Baştutanlarynyň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlarynyň täsir edýändigini nygtady.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça ösdürilmegi geljegi uly bolan ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, M.Raisi türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň güýzünde Abu-Dabi şäherinde geçiriljek Ählumumy metbugat kongresine çagyrdy.
Taraplar maglumatlar gulluklarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini bellediler hem-de ýurtlarda bolup geçýän özgerişler boýunça habarlary alyşmaklary ylalaşdylar.


şu gün 22:09
25

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
322

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......