Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň brifinginde ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi

  • 27.01.2024 14:32
  • 3.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň Merkezi Aziýada durmuşa geçirýän taslamalaryna bagyşlanyp her ýylda geçirilýän brifingine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär.

"Merkezi Aziýa döwletleri häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň sebitde durmuşa geçirýän 15 maksatnamasynyň çäklerinde terrorçylyga we zorlukly ekstremizmlere garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli, sebit we halkara derejelerinde şahsy we toparlaýyn tagallalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler" diýip, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň ýolbaşçysy mälim etdi.

Ol şeýle-de müdirlige berilýän goldaw-kömeklere hoşallyk bildirdi. Bu işde Türkmenistanyň edýän ýardamlary hem uly ähmiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly özygtyýarly maliýe goldawlary BMG-niň esasy maliýe çeşmeleri bolup durýar.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçdi. Şunda öňüni alyş we irki habardar etmek işlerinde bar bolan gurallary netijeli işletmek, şeýle hem energetika we ulag desgalarynyň howpsuzlygyny we durnuklygyny üpjün etmek esasy ugurlar hökmünde bellendi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......