«Arkadag» FK okuw-türgenleşiklerini geçmek üçin Antaliýa ugrady

  • 27.01.2024 13:16
  • 11k+

"Arkadag" futbol klubunyň oýunçylary okuw-türgenleşiklerini geçmek üçin anna güni Antaliýa (Türkiýe) ugradylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Wladimir Baýramowyň şägirtleri Türkiýede birnäçe duşuşyklary geçirerler.
Öň habar berşimiz ýaly, "Arkadag" FK 10-njy fewralda "Dnepr-1" ukrain kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. "Dnepr-1" Ukrainanyň Ýokary ligasynyň güýz möwsümini ikinji orunda tamamlady. Ol birinji ýerde barýan "Kriwbassda" diňe goşmaça görkezijileri babatda yza galdy.

Ýatlatsak, "Arkadag" futbol kluby 2023-nji ýylyň aprelinde döredildi. Birinji möwsüminde ol ýurduň çempionlygyny we Kubogyny gazandy. Ol çempionatdaky 24 resmi duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy.


düýn 23:46
1.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.7k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.2k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......