Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylary we işgärleri Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

  • 27.01.2024 10:16
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady.

"Bu baýramyň giňden bellenilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändigine hem-de olar hakynda yzygiderli alada edilýändigine şaýatlyk edýär" diýip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.

"Bu Watan mertleriň Watanydyr! Siz bolsa şu topragyň gerçek ogullarysyňyz. Eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatyna hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerine berk eýermek siziň her biriňiz üçin mukaddes borç bolmalydyr. Siz döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, konstitusion gurluşyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak, jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmak, kanunçylygy has-da berkitmek ýaly belent maksatlardan ugur almalysyňyz. Döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele alyp, parasatly pederlerimiziň mertlik mekdebini, harby sungatyny kämilleşdirmelisiňiz. Ata-babalarymyzyň adalatlylyk, parasatlylyk, mertlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini nusga edinip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmalysyňyz".

"Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr! Siziň Watany goramakda gaýrat görkezip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn" diýlip Gutlagda bellenilýär.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....