Samsung 2024-nji ýylda eplenýän Galaxy Z Fold-yň arzan bahaly görnüşini çykarar

  • 27.01.2024 11:13
  • 7.2k+

Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy 2024-nji ýylda elýeterli eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru Koreýanyň «The Elec» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bar bolan maglumatlara görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda elýeterli eplenýän telefonyny tanyşdyrmagy maksat edinýär. Enjam ilkinji modeli 2019-njy ýylda peýda bolan «Galaxy Z Fold» smartfon-planşetiň arzan görnüşi bolar.
Hünärmenler Hytaýyň bazaryndaky ýerli öndürijileriň ýiti bäsdeşligini arzan eplenýän enjamyň çykarylmagynyň esasy sebäbi hasaplaýarlar. Korporasiýanyň bäsdeşleri «Galaxy Z Fold» we «Galaxy Z Flip» modellerinden has arzan eplenýän flagman enjamlary hödürlemäge taýyndyrlar.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa eplenýän «Galaxy Z Flip» smartfonunyň elýeterli görnüşini işläp düzmegi meýilleşdirmeýär. Hünärmenler bu modeliň bazarda ýeterlik derejede ornuny berkidendigine we onuň arzan görnüşleriniň çykarylmagynyň zerurlygynyň ýokdugyna ynanýarlar.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
2.8k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...