Türkmenistanyň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi

  • 27.01.2024 00:19
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary tarapyndan seljerilen we döwletimiziň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýerli çig mallaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we milli önümçilikleri giňeltmek  boýunça tehnologiýalar işlenilip taýýarlanylýar. 
Şol döwrebap tehnologiýalar bolsa degişli nebitgaz guýularynyň önümliligini ýokarlandyrmaga, özleşdirilýän gazyň mukdaryny artdyrmaga, nebitiň, gazyň we kondensatyň çykarylyşyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň we bu babatda degişli ylmy-barlaglary geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 18:58
775

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......