Türkmenistanda fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

  • 27.01.2024 00:05
  • 9.9k+

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi. 

"Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, fewral aýynda dürli döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, media-forumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, çeper okaýyşlary guramak, dürli bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreler barada aýdyldy. 
Şunuň bilen birlikde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metre barabar bolan lagym arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......