“Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça çäreler görülýär

  • 26.01.2024 23:57
  • 14k+

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. 
Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. 
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem, «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany boýunça öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini has-da artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek möhümdir. Döwlet Baştutany ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....