Türkmenistanda dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze görnüşi öndürilip başlandy

  • 26.01.2024 22:52
  • 14k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada wise-premýer B. Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligi ýola goýlan dizel ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde hem-de howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.
Täze öndürilip başlanan motor ýagy awtomobillerde we beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar   ýurdumyzyň içerki bazarlarynda hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...