Özbegistan elektromobil öndürmäge başlady

  • 26.01.2024 22:34
  • 11k+

Özbegistanyň Jizak welaýatyndaky BYD Uzbekistan Factory zawodynda ýylda 50 müň birlik kuwwaty bilen gibrid we elektrik awtomobilleri ýygnamak boýunça taslama işe girizildi. Dabara Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Hytaýyň BYD kompaniýasynyň prezidenti Wan Çuanfu onlaýn režimde gatnaşdy. Bu barada özbek lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp, Trend habar berýär.

Özbegistanyň ýolbaşçysy HHR-e döwlet saparynyň çäklerinde Şençžendäki BYD-yň ştab-kwartirasyna we tehnologiýa merkezine baryp gördi. Metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, Şawkat Mirziýoýew ýakyn geljekde bazardaky islegi göz öňünde tutup, model hataryny giňeltmegiň we awtomobil önümçiliginiň kuwwatyny ýylda 300 müňe ýetirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle-de, kompaniýanyň Özbegistanda BYD elektrobuslaryny ýygnama işini ýola goýmak boýunça meýilnamalary goldanyldy.
Belläp geçsek, BYD bilen “Uzawtosanoat” paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasy 2022-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi. Zawod Özbegistanyň günbataryndaky Jizak welaýatynda ýerleşýär. Kärhanada BYD Chazor sedanynyň we Song Plus krossoweriniň önümçiligi ýola goýuldy.


şu gün 07:52
2.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......