2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabrynda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

  • 26.01.2024 22:10
  • 3.6k+

2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabrynda Aşgabatda Türkiýäniň eksport önümleriniň sergisi geçiriler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda habar berdi.

«Sergiler Türkmenistan bilen täjirçilik gatnaşyklarymyzyň möhüm bölegini emele getirýär» diýip, diplomat belledi we 2023-nji ýylyň 6-8-nji dekabrynda Türkiýäniň wise-prezidentiniň amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtynda geçirilen öňki sergini ýatlady.

Demirok sergä Türkiýeden 90 töweregi kompaniýanyň gatnaşandygyny aýtdy.
Ol: «Ýarmarka örän netijeli geçdi hem-de türkmen we türk kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşdy» diýip, nygtady.
Şeýle hem ilçi köp sanly türk kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. 2023-nji ýylyň 28-30-njy noýabrynda geçirilen öňki sergä 17 türk kompaniýasy gatnaşdy. Demirok olaryň şu ýyl has köp boljakdygyny aýtdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....