Ýaponiýa öz Aýdaky modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. Ol agdarylsa-da, işläp bilýär

  • 26.01.2024 21:42
  • 8.4k+

Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy (JAXA) Aýyň üstüne üstünlikli gonan özüniň SLIM Aý modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. IXBT.com-nyň bellemegine görä, Ýaponiýanyň kosmos programmasy üçin bu uly üstünlik, sebäbi ol Ýeriň emeli hemrasyna modulyny ýumşak gondurmagy üstünlikli amala aşyran bäşinji ýurt boldy.

Modulyň suraty SLIM-iň bortunda Aýa getirilen we gonmazdan ozal aşak düşürilen kiçijik Lunar Rover LEV-2 (ýa-da SORA-Q) tarapyndan düşürildi. Surat modulyň başaşak gonandygyny görkezýär, bu bolsa Gün panelleriniň işlemezligine sebäp boldy. Şol sebäpli enjamyň batareýasy zarýad almaýar, ýöne JAXA Gün asmanda ýerleşişini üýtgedensoň, modulyň gaýtadan işlemegine umyt baglaýar diýip, INTERFAX habar berýär.
Bu surat iki roweriň arasynda aragatnaşygyň bardygyny tassyklaýan başga bir rower - LEV-1 arkaly Ýere iberildi.
Hemranyň üstüne takyk we gözegçilikde gonmagyň mümkindigini görkezýän SLIM missiýasynyň esasy maksady üstünlikli tamamlandy: zond bellenen nokatdan bary-ýogy 55 metr uzaklykda hasaplanýar.


şu gün 10:51
464

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....