Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşyklary geçirildi

  • 25.01.2024 14:51
  • 3.5k+

23-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Parlament diplomatiýasynyň ornuna hem ýokary baha berlip, türkmen-ýapon parlament wekilleriniň birek-biregiňkä saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda parlament wekilleriniň amala aşyrjak saparlary barada pikir alyşmalar geçirildi.
Diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýolbaşçy düzümiň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek arkaly hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.
Taraplar iki ýurduň halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýan gatnaşyklaryna oňyn baha berdiler.
Şeýle-de, strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem uly üns berildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamda iki döwletiň bilim, ylym, medeni alyş-çalşygy, ýapon diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.
Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi meseleleri kesgitlenildi.
Ministrler iki tarapyň hem gyzyklanmasyna eýe bolan halkara we sebit gün-tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......