Berlin film festiwalynyň maksatnamasy yglan edildi. Bäsleşige Türkmenistanda işlän režissýoryň filmi hem gatnaşýar

  • 24.01.2024 17:55
  • 11k+

74-nji Berlin halkara film festiwalynyň esasy bäsleşiginiň maksatnamasy yglan edildi. Guramaçylar doly sanawy serginiň resmi web sahypasynda çap etdiler.

Berlinalyň esasy baýragy bolan “Altyn aýy” üçin 20 film, şol sanda Oliwýe Assaýas, Mati Diop, Hon San-su, Brýuno Dýumon we Abderrahman Sissako ýaly tanymal režissýorlaryň işleri bäsleşer.
Soňky agzalan kinorežissýoryň karýerasynyň Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belläliň. WGIK-i gutaran, mawritaniýaly Abderrahman Sissako 1989-njy ýylda türkmen aktýorlarynyň gatnaşmagynda 23 minutlyk “Oýun” (Le Jeu) filmini surata düşüripdi. Onuň “Timbuktu” dramasy 2015-nji ýylda iň gowy daşary ýurt filmi ugry boýunça “Oskar”-a dalaşgär görkezildi we Kan film festiwalynda-da baýrak aldy.
Şeýle hem bu programmada iki sany çeper film we iki dokumental film bar.
Festiwal baş keşpde “Oppengeýmer”-iň ýyldyzy Killian Merfiniň oýnamagynda Irlandiýa-Belgiýanyň “Şeýle ownuk zatlar” filmi bilen açylar.
Berlin film festiwaly 15-25-nji fewral aralygynda geçiriler. Aktrisa Lýupita Niongo (“12 ýyl gulçulykda”, “Biz”) esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň başlygy wezipesine saýlandy.

  • · “Şeýle ownuk zatlar” (Small Things Like These), Tim Milants
  • · “Başga çykalga” (Another End), Pýero Messina
  • · “Arhitekton” (Architecton), Wiktor Kosakowskiý
  • · “Gara çaý” (Black Tea), Abderrahman Sissako
  • · “Aşhana” (La Cocina), Alonso Ruispalasios
  • . “Dagomeýa” (Dahomey), Mati Diop
  • . “Başga adam” (A Different Man), Aaron Şimberg
  • · “Imperiýa” (L'Empire), Brýuno Dýumon
  • · “Ýeňiş” (Gloriýa!), Margerita Wikario
  • · “Togtap galan wagt” (Hors du temps), Oliwýe Assaýas
  • · “Hildydan söýgi bilen” (In Liebe, Eure Hilde), Andreas Drezen
  • · “Iň halaýan süýjüligim” (Keyke mahboobe adam), Betaş Saneha, Miriam Mokwadam
  • · Langue Etrangere, Kler Býurger
  • · “Men kime degişli” (Me el Ain), Merýam Žuber
  • · "Pepe" Nelson Karlos De Los Santos Arias
  • · “Şambala” (Shambhala), Min Baadur Bam
  • · “Ölüm” (Sterben), Mattias Glasner
  • · "Iblisiň hammamy" (Des Teufels Bad), Sewerin Fiala, Weronika Frans
  • · “Ogullar” (Vogter), Gustaw Meller
  • · "Syýahatçynyň hajatlary" (Yeohaengjaui pilyo), Hon San-su

 2023-nji ýylda Berlinale-niň ýeňijisi Pariždäki ruhy keseller klinikasy barada gürrüň berýän, fransuz režissýory Nikolýa Filiberiň “Adamantda” dokumental filmi bolupdy.

şu gün 10:00
68

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......