2024-nji ýylda «Oskar» baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 24.01.2024 17:43
  • 9.8k+

Amerikanyň Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasy 96-njy «Oskar» baýragyna dalaşgärleriň atlaryny yglan etdi. Dalaşgärleriň atlary göni ýaýlymda yglan edildi, onuň ýazgysy baýragyň YouTube kanalynda ýerleşdirildi.

Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» filmi iň köp dalaşgärlige hödürlenen film boldy – taslama 13 baýrak ugrunda göreşer. Aktrisa Emma Stounyň baş keşbi janlandyrmagynda «Görgüli biçäreler» filmi – 11, «Gül Aýynyň ganhorlary» – 10 ugur boýunça dalaşgär görkezildi.
«Iň gowy film» baýragy ugrunda «Amerikan çeper edebiýaty», «Ýykylmagyň anatomiýasy», «Barbi», «Galdyrylanlar», «Gül Aýynyň ganhorlary», «Maestro», «Oppengeýmer», «Öňki durmuşlar» «Görgüli biçäreler» we «Gyzyklanma zolagy» filmleri bäsleşerler.
«Iň gowy režissýor» baýragyna dalaşgärleriň hatarynda Žýustin Triýe («Ýykylmagyň anatomiýasy»), Martin Skorseze («Gül Aýynyň ganhorlary»), Kristofer Nolan («Oppengeýmer»), Ýorgos Lantimos («Görgüli biçäreler») we Jonatan Gleýzer («Gyzyklanma zolagy») bar.
«Iň gowy erkek keşbi» diýen ugurda Bredli Kuper («Maestro»), Kolman Domingo («Rastin»), Jeffri Raýt («Amerikan çeper edebiýaty»), Pol Jamatti («Galdyrylanlar») we Killian Merfi («Oppengeýmer») dalaşgär görkezildi.
Şol ugur boýunça zenanlaryň arasynda Annett Bening («Daýana Naýed»), Lili Gladstoun («Gül Aýynyň ganhorlary»), Sandra Hýuller («Ýykylmagyň anatomiýasy»), Keri Malligan («Maestro») we Emma Stoun («Görgüli biçäreler») dalaşgärlige hödürlendi.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 10-njy martda Los-Anjelesde geçiriler.


08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...