Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy

  • 24.01.2024 15:03
  • 4.7k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigi barada belledi.
Bu babatynda 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine we hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Duşuşykda geljegi uly bolan taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän gymmaty ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň çekilmegi, taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we wodorod energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi,  döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça meseleler maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýapon kompaniýalary senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala aşyrmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......