Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri bilen duşuşdy

  • 24.01.2024 14:53
  • 3.5k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awto ulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.
Şeýle-de, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde nobatdaky energetika ykdysadyýeti boýunça Ministrler maslahatynyň geçirilmegine, dekarbonizasiýa boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki karz beriş guralynyň (Joint Crediting Mechanism - JCM),söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen elektron söwdasynyň ulgamynyň ornaşdyrylmagyna, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagyna degişli bolan meselelere üns çekildi. Bu başlangyçlar Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar degişli ugurdaky taslamalary we başlangyçlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekdiler.


düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......