Astronomlar asman jisimini «Barbigeýmer» hormatyna atlandyrdylar

  • 24.01.2024 12:16
  • 2.7k+

«Barbigeýmer» hormatyna  (Kristofer Nolanyň atom bombasyny dörediji baradaky «Oppengeýmer» atly taryhy dramasy we Greta Gerwigiň «Barbi» başdan geçirme komediýasy) iri ýyldyz «Barbenheimer Star» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Live Science» neşiri «Sloan sanly asman gözegçiligi» taslamasyna gatnaşyjy astronomlaryň beýanyna salgylanyp habar berýär. Asman jisimi baradaky anyk maglumatlar «arXiv» serwerinde çap edildi.

«Barbenheimer Star» Irki älem döwründe – 13 milliard ýyl ozal hem bardy, ol Uly partlamadan 700 million ýyl soň peýda boldy. Meşhur filmleriň adyny göterýän ýyldyzyň agramy Günüňkiden 50−80 esse uly bolupdyr. Ol supernowa partlamasy esasynda söndi we ömrüniň dowamynda döreden elementlerini ýaýratdy. Bu elementler gaz bulutlaryny emele getirdi we olardan täze ýyldyzlar döredi. Olaryň arasynda pes massaly gyzyl äpet J0931+0038 hem bar. Ol öwrenilende «Barbenheimer Star» ýyldyzyna degişli subutnamalar tapyldy.
J0931+0038 ýyldyzynyň düzümi alymlary haýran galdyrdy – olar beýle zady ozal görmändiler. Bu ýyldyzda agyr elementler ýeňil elementlerden has köp. Adatça, bu tersine bolýar. Bu gatnaşyk, «Barbenheimer Star-yň» öz düzümi bilen baglanyşykly bolup biler.
Gadymy ýyldyzyň başga bir syry onuň ölümi bilen baglanyşykly. Alymlar beýle uly ýyldyz ölenden soň näme üçin bir supernowanyň emele gelendigine düşünmeýärler. Olaryň pikiriçe, «Barbenheimer Star» bu tapgyrdan geçip, derrew gara girdaba öwrülmelidi.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......