Deadline “Garri Potter” baradaky serialyň üstünde işlenip başlanandygyny habar berdi

  • 23.01.2024 13:49
  • 4.2k+

HBO Max “Garri Potter” baradaky kitaplara esaslanýan serialyň üstünde işläp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Deadline habar berýär. Insaýderleriň aýtmagyna görä, şu hepdede Los-Anjelesde Joan Roulingiň kitaplaryny ekranlaşdyrmak boýunça öz pikirlerini hödürleýän ssenariýaçylar bilen ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Dalaşgärleriň arasynda Marta Hiller, Ketlin Jordan, Tom Moran we Maýkl Lessli bar.
Ideýalary tapawutlanan ssenariýaçylar duşuşyklaryň Beýik Britaniýada geçiriljek indiki tapgyryna iberiler. Ssenariýany döretmäge birnäçe adam hem gatnaşyp biler.
Häzirlikçe Şotlandiýada ýaşaýan Roulingiň bu prosesde nähili roly ýerine ýetirýändigi belli däl. Ýöne onuň serial bilen bagly çözgütlere gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de, ýazyjynyň serialyň ýerine ýetiriji prodýuserleriniň arasynda boljakdygy belli.

şu gün 16:55
974

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
782

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 14:59
985

Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu......

şu gün 10:00
2.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......