ÝB ýurtlarynda elektrik ulaglary üçin “akkumulýatoryň pasporty” giriziler

  • 23.01.2024 13:42
  • 6.5k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektrik ulaglaryna goşmaça resminama - “akkumulýatoryň pasporty” berler. Ol 2027-nji ýylyň fewral aýynda giriziler diýip, Autocar-a salgylanýan auto.ru ýazýar.

Taslamanyň ähli jikme-jiklikleri bilen Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, ýörite döredilen Battery Pass konsorsiumy meşgullanar. Audi we BMW ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileri hyzmatdaş we gatnaşyjy hökmünde çykyş edýärler.
Akkumulýatoryň pasportynda ulanylýan materiallar, üpjünçilik çeşmeleri, öndürijiligi we hyzmat ediş möhleti baradaky maglumatlar bolar. Resminama akkumulýatory utilizasiýa etmek baradaky maglumatlar hem goşulsa gerek. Takyk sanaw entek ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagtda gün tertibinde ýedi kategoriýada 90 dürli maglumat bar.
Her pasport batareýa öndürijisine, takmynan, 7 - 12,8 ýewro düşer.


27.06.2026 09:56
2.7k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....