Raşid Meredow ýapon hökümetiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 23.01.2024 11:47
  • 2.9k+

22-nji ýanwarda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýosimasa Haýasi bilen duşuşdy. Bu barada Ýaponiýanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Haýasi türkmen diplomatyny Ýaponiýada mähirli garşy alyp, Noto ýarymadasynda bolup geçen ýertitremesine Türkmenistanyň bildiren gynanjyna minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmek barada, şeýle hem Merkezi Aziýa we Ýapponiýa formatynyň çäklerinde gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.
Ýapon Hökümetiniň Baş sekretary 2022-nji ýylyň dekabrynda "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" diaolygynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygynyň çäklerinde bilim we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek barada gepleşikleri ýatlap geçdi. 
Meredow we Haýasi dürli ugurlarda, şol sanda ykdysadyýet ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Dekarbonlaşdyrmaklyga we akademiki ugurlaryň meselelerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......