Türkmenistan bilen Malaýziýa ýokary derejede saparlary guramagyň meselelerini maslahatlaşdy

  • 22.01.2024 12:10
  • 6k+

Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Kuala-Lumpur şäherinde Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça departamantiniň başlygy Şazelin Zaýnul bilen iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Hususanda, şu ýyl iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki özara saparlary guramagyň mümkinçilikleri bellendi. 
Türkmen ilçisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçmegiň meýilnamasynyň çäklerinde guraljak çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellendi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......