Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurluşyklaryň möhletinden yza galýandygyna nägilelik bildirdi

  • 20.01.2024 23:50
  • 25k+

20-nji ýanwarda iş saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde desgalaryň gurluşyklarynyň bellenen möhletlerden yza galýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň bu ugurda alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurluşyk işlerinde Arkadag şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna bolşy ýaly, desgalaryň öz wagtynda bina edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda degişli talaplaryň berk berjaý edilmegi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow D.Orazowa ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek we Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......