“Türkmengeologiýa” DK-nyň hünärmenleri agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunç işleri alyp barýarlar

  • 20.01.2024 18:43
  • 13k+

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.
Serdar Berdimuhamedow agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutany aýtdy we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....