2024-nji ýylda Türkmenistanda 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

  • 20.01.2024 18:39
  • 3.8k+

2024-nji ýylda Türkmenistanda 3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim etdi.

Şeýle görnüşdäki ikitaraplaýyn ylmy-innowasion forum iň soňky gezek 2018-nji ýylda Hytaýyň Uhan şäherinde geçirilipdi. Ol türkmen we hytaý alymlarynyň, işewür wekilleri we Hökümet agzalary üçin hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak üçin amatly giňişligi döredipdi.
Şeýle hem şu ýylda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......