Aşgabatdan Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine gatnawlar üçin awiabiletler onlaýn satylyp başlandy

  • 20.01.2024 16:28
  • 14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine täze ýola goýuljak halkara howa gatnawlary üçin awiabiletleriň satuwyny ýola goýdy.

"Hormatly ýolagçylar! Hoşimin,Milan,Jidda,Bangkok,Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri alyp bilýändigiňiz barada Size habar berýäris" - diýlip, awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda Aşgabadyň halkara howa menzilinden amala aşyryljak Kuala-Lumpur, Jidda, Hoşimin we Milan şäherlerine gidiş we gaýdyş biletleriniň onlaýn satuwy başlanyldy.
Bu ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertipde gatnawlary amala aşyrar:

  • Aşgabat – Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;
  • Aşgabat – Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;
  • Aşgabat – Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan başlanylar;
  • Aşgabat – Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar;

şu gün 01:05
1.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.7k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......