Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy

  • 19.01.2024 22:19
  • 6.9k+

19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şol meýilnamalara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Halkara medeni hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etmek meýilleşdirilýär.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, Türkmenistanda bolsa daşary ýurt döwletleriniň Medeniýet günlerini guramak we geçirmek boýunça diplomatik ýollar arkaly degişli gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça, şeýle hem köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri dowam etdiriler.
Bellenilişi ýaly, noýabr aýynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar. 
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan    gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, şeýle hem Arkadag şäherinde guraljak Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutany iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......