Türkmenistanda 2024-nji ýylda söwda toplumy üçin Iş meýilnamalarynyň taslamalary taýýarlanyldy

  • 19.01.2024 22:15
  • 8.8k+

19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin Iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.
Dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, öndürilýän önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga, halkymyzyň ruhy we medeni mirasy bolan halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berler.
Taýýarlanylan Iş meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalaryny geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmek wezipeleri goýuldy.
Şunuň bilen bir hatarda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň we eksportuň möçberlerini artdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça çäreler durmuşa geçiriler.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere söwda toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn  dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynda  göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....