Jebel şäherçesinde ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri öndürýän kärhanany gurmak meýilleşdirilýär

  • 19.01.2024 14:00
  • 16k+

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Balkan welaýatynda ýylylyk we ses geçirmeýän plitalary, düşekçeleri hem-de üznüksiz süýümleri öndürýän kärhanany gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi.

Bu barada degişli bildiriş "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde çap edildi. Bu boýunça degişli önümçilik toplumyny Jebel şäherçesinde gurmak bellenýär. Bu ýerde şeýle hem başga-da birnäçe senagat kärhanalaryny, şol sanda iri sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Senagat kärhanasyny gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamak boýunça teklipler 30 günüň dowamynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýyndaky salga ugradylmalydyr.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......