Redmi K70 Hytaýda 2023-nji ýylyň iň oňat flagman smartfony hökmünde baýrak aldy

  • 18.01.2024 18:29
  • 11k+

Redmi K70 Weibo Mobile Phone Awards 2023 baýragynyň gowşurylyş dabarasynda “Ýylyň ykjam flagman telefony” kategoriýasynda ýeňiji boldy. Ýeňiji abraýly 100 habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen açyk ses berişligiň netijelerine esaslanyp kesgitlenildi diýip, IXBT.com habarlar gullugy habar berýär.

Redmi K70 2K durulykda 6,67 dýuýmlyk tekiz OLED displeýi, 4000 kd / m2 ýokary derejeli ýerli iň ýokary ýagtylygy we 3840Hz PWM goldawy bilen pudakda öňdebaryjydyr.
K60-yň öňki nesli bilen deňeşdirilende, Redmi K70-iň batareýasynyň kuwwaty azaldy, onuň deregine çalt zarýad beriş tizligi ýokarlandy. Redmi K60-da 67 watt zarýad bermek üçin 5500 mAh akkumulýator ulanyldy. Redmi K70 üçin öndüriji 120 W-y we 5000 mAs-y saýlady. Doly zarýad bermek bary-ýogy 18 minut wagt alýar we korpusynyň galyňlygy, takmynan, 8.2mm.
Redmi K70-iň esasy kamerasynda Redmi K70 Pro-da ulanylan Light we Shadow Hunter 800 datçigi gurnalan. Esasy moduly tutuşlygyna Redmi K70 Pro-dan alnan - F / 1,6 diafragmaly we OIS obýektiwli.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....