Raşid Meredow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 17.01.2024 16:03
  • 5.7k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meselelere seredip geçdiler.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer pudagynda özara gatnaşyklara üns berildi. Hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, şeýle hem häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi.
Hindistanyň ilçisi hem öz gezeginde Daşary işler ministrligine Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde giňişleýin ýardam we goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Öň TmCars Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine hanym Madhumita Hazarika Bhagatyň bellenendigini habar berdi..


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
972

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
999

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......