Hindistan Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

  • 12.01.2024 17:41
  • 6.8k+

Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine hanym Madhumita Hazarika Bhagat bellendi. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär. Bu wezipä bellenmezden ozal, hanym Madhumita Bhagat Hindistanyň Kiprdäki ýokary komissary wezipesinde işledi.

Hindistanyň Türkmenistandaky häzirki ilçisi Dr. Widhu P.Nair Hindistanyň Angola Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.
Türkmenistana bellenen ilçi Madhumita Bhagat 1999-njy ýylda Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň düzümine goşuldy we tejribeli diplomatdyr. Ol Nýu-Delide syýasat bilimi ugry boýunça bilim aldy, şeýle hem hukuk ugry boýunça magistr derejesiniň eýesidir.
Madhumita Bhagat diplomatik işini Hindistanyň Moskwadaky ilçihanasynda başlady. Soňra Hindistanyň Gazagystandaky ilçihanasynda işledi. Şeýle hem ol Söwda ministrliginde hem işledi.
2011-2014-nji ýyllarda täzeden Moskwada işlän Madhumita Bhagat 2014-2017-nji ýyllarda Hindistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynda diplomatik wekilhananyň başlygynyň orunbasary boldy.
Ýokary komissar Madhumita Bhagat Hindistanyň ilkinji milli utgaşdyryjysy hem boldy.
Madhumita Bhagat hindi, rus, assam, bengal we penjab dillerini bilýär.
Tejribeli diplomatyň bir ogly we bir gyzy bar.


şu gün 16:02
688

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......