Hytaýda 2024-nji model ýylynyň täzelenen Toyota Sienna-sy görkezildi

  • 17.01.2024 15:42
  • 32k+

2024-nji ýyl model ýylynyň Toyota Sienna awtoulagynyň suratlary Hytaýyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda peýda boldy. IXBT.com-yň habar bermegine görä, awtoulag tekerleri doly hereketli ulgam bilen kepillendirilip, bagažyň gapysynda e-Four ýazgysy bar.

Sienna 2024-iň 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid güýç gurluşynyň  bardygy habar berildi: içinden ýandyrylýan hereketlendirijisiniň güýji - 189 at güýji, öňdäki elektrik hereketlendirijisiniňki - 182 at güýji. Gürrüň ähli tekerleri hereketli wersiýasy barada gidýär, şonuň üçin yzky elektrik hereketlendirijisi hem bar, ýöne onuň güýji barada hiç zat aýdylmaýar.
Komplektasiýalary barada entek maglumat ýok, ýöne hytaý çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, eýýäm esasy wersiýalarynda ikinji hatarda aýratyn amatly oturgyçlar bolar - howa çalşygy, ýyladyş we owkalama işlär.


düýn 23:03
482

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......