Türkmenistanda täze Baş prokuror bellenildi

  • 16.01.2024 22:19
  • 42k+

Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Begmurat Muhamedow bellenildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi.

Serdar Berdimuhamedow Baş prokurora ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna görä pugtalandyrmak, prokuratura işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam etmegi tabşyrdy.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň öňki Baş prokurory S.Mälikgulyýew prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen wezipesinden boşadyldy.
Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow mundan öň Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.
2021-nji ýylyň oktýabryna çenli ol Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinde işledi, şondan soň ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberilipdi. 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....