Türkmenistanyň Prezidenti Baş prokuror S.Mälikgulyýewi wezipesinden boşatdy

  • 16.01.2024 22:06
  • 33k+

Serdar Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen S.Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 16-njy ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....