Petronas Türkmenistanda işlemek üçin boş iş orunlaryny hödürleýär

  • 16.01.2024 15:08
  • 32k+

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde işlemek üçin açyk iş orunlaryny yglan edýär.

Degişli bildiriş "Biznes Türkmenistan" elektron neşirinde peýda boldy.

HÜNÄRMEN (TERJIMEÇI)
Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
Bilimi: Lingwistika boýunça ýokary bilimi bolmaly.
Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Zähmeti goramak, howpsyzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçi
Bildirilýän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
Bilimi: Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly.
Iş tejribesi: Desgada howpsyzlyk tehnikasy boýunça ýa-da degişli pudakda 1 ýyldan 3 ýyla çenli gözegçi wezipesinde iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1hepdeden gijägalman “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my electron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......