Samsung displeýli gutusy bolan gulaklyklaryň prototipini görkezdi

  • 15.01.2024 09:05
  • 9.8k+

«Samsung» korporasiýasy gutusy displeý bilen enjamlaşdyrylan simsiz gulaklyklary görkezdi. Bu barada lenta.ru «TechRadar» neşirine salgylanyp habar berýär.

«CES 2024» sergisinde tegelek, reňkli OLED displeý ornaşdyrylan «Galaxy Buds» enjamy tanyşdyryldy. Ekranda zastawkalary gurnap bolýar, onuň kömegi bilen ulanyjy sazlary görüp we üýtgedip, sesiň güýjüni sazlap, enjamyň batareýasynyň derejesini barlap bilýär.
«Samsung-yň» wekilleriniň bellemeklerine görä, tanyşdyrylan enjam prototip bolup, kompaniýa ýakyn wagtda şeýle enjamy köpçülikleýin öndürmegi meýilleşdirmeýär.
Bellenilmegine görä, Günorta Koreýanyň kompaniýasy gulaklyklara ekran ornaşdyran ilkinji kompaniýa däldir. 2023-nji ýylyň başynda «JBL» korpusyna displeý ornaşdyrylan «Tour Pro 2» gulaklyklaryny hödürledi. Gulaklyklaryň gutusynda ekranyň bolmagynyň uly kemçiliginiň bardygy aýdylýar – ol batareýanyň derejesini ep-esli azaldýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...