Tesla “Kiberçekiç” çykarmagy meýilleşdirýär

  • 14.01.2024 22:05
  • 12k+

Tesla ABŞ-da Cyberhammer (“Kiberçekiç”) söwda adyny bellige aldyrmak isleýär we bu arza fitnes enjamlary kategoriýasynda hödürlenýär diýip, Electrek-e salgylanýan Auto.ru habar berýär.

Neşir Tesla CrossFit ulgamynyň käbir maşklarynda ulanylýan tokmak görnüşinde öz wersiýasyny çykarmakçy bolýar diýip çaklaýar. Megerem, kompaniýa Cybertruck kysymly awtoulagyň töweregindäki göçgünlilikden peýdalanmak isleýän bolsa gerek we Cyberhammer-iň ähli nusgasyny markanyň muşdaklary satyn alar diýip çaklanýar.
Çekijiň urulýan tarapy dizaýnynda Cybertruck kysymly ýük awtoulagyna meňzeýändir diýip çak edilýär. Şeýlelik bilen, kompaniýa öz-özüni birneme ýaňsa alýar: dizaýn, 2019-njy ýylyň tanyşdyrylyş dabarasynda tokmak ulanyp, Cybertruck-iň kuzowynyň güýjüni görkezmek üçin edilen synanyşyk hökmünde görkezilip bilner.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň adaty bolmadyk esbaplary ilkinji gezek öndürişi däl. 2021-nji ýylda şol wagtky Cybertruck görnüşinde jürlewükler we 2022-nji ýylda şol bir stilde enjamlara simsiz zarýad bermek üçin panel peýda bolupdy. Şeýle hem, kompaniýanyň Ýewropa bölümi tarapyndan işlenip taýýarlanan Gigabeer piwo çüýşeleri Cybertruck -yň daşky görnüşiniň dizaýnyndan ylham aldy.


10.08.2025 23:16
2k+

Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki Tesla kompaniýasy Dojo superkompýuter taslamasy bilen meşgullanýan topary dargatdy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Piter Bennon kompaniýadan gitmäge taýýarlanýar, onuň toparynyň azyndan 20 agzasy işden çykdy...

23.07.2025 15:08
6.1k+

Los-Anjelesde zarýad stansiýasy we retro-garbanyşhana bilen dünýäde ilkinji Tesla Diner toplumy açyldy

Los-Anjelesde zarýad stansiýasyny we 1950-nji ýyllaryň stilinde retro-futuristik garbanyşhanany özünde jemleýän dünýäde ilkinji Tesla Diner işläp başlady. Bu şäherde iň uly Tesla Supercharger toplumy bolup, onda NACS standartyny goldaýan ähli elektromobiller üçin 80 sany V4 zarýad porty elýeterlidir...

01.05.2025 20:04
9.1k+

WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy...

28.01.2025 12:03
6.8k+

Ilon Maskyň kompaniýasy Las-Wegasda Tesla üçin täze “metro” açdy

Ilon Maskyň The Boring Company kompaniýasy Las-Wegasda tunelleriniň täze şahasyny açdy. Bu şaha Tesla awtoulaglaryna ýokarky ýolda ulag dykynlary we awtoulag duralgasynyň ýetmezçiligi sebäpli, 25 minut töweregi...