Türkmenistanda polat turbalary öndürjek täze kärhana dörediler

  • 13.01.2024 17:12
  • 27k+

Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyp, degişli teklip beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy hem-de degişli teklip beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....