Mary welaýatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan toý sadakasy berildi

  • 13.01.2024 17:02
  • 19k+

Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan toý sadakasy berildi.

Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, bu ýerde aýat-doga okaldy.
Şeýle hem Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly hajy metjidinde bolup, din wekilleri bilen ýurdumyzda ýagşy dessurlaryň yzygiderli dowam etdirilmegi boýunça özara pikir alyşdylar.
Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdan teklibini biragyzdan goldap, hajy Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde ägirt uly işleri bitiren käbesi Ogulabat ejäniň we manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna gabat gelýändigini nazara alyp, belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek barada karara geldiler we ýagşy adamlary ýatlap aýat-töwirleriň okalmagynyň göwne makul boljakdygy barada özara geňeşdiler.


şu gün 06:55
517

Türkmenistanda Gurban baýramynyň belleniljek günleri kesgitlendi

Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda belleniler. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi....

21.05.2026 18:02
2.4k+

UN-Habitat Aşgabatda öz wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine seredýär

UN-Habitat maksatnamasy Aşgabatda özüniň taslama edarasyny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu barada Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) mälim edildi....

18.05.2026 17:46
2k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.9k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......