Ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler

  • 13.01.2024 16:53
  • 10k+

30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.

ORIENT agentliginiň bellemegine görä, ikinji türkmen-rus işewürlik forumy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär. Şeýle bilelikdäki forumyň ilkinjisi geçen ýylyň başynda türkmen paýtagtynda geçirilipdi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada gelipdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň iň möhüm bölegidir. Soňky döwürde energetika, ulag we senagat hyzmatdaşlygy ýaly pudaklarda gatnaşyklar has-da işjeňleşdi.
Däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn orun berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen berk özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Geljegi uly türkmen bazaryna Russiýanyň Çelýabinsk, Orlowsk, Swerdlowsk ýaly oblastlar hem uly gyzyklanma bildirýärler.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
776

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......