Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda Garagum sährasyna syýahat etdi

  • 12.01.2024 18:31
  • 42k+

11-nji ýanwarda Mary welaýata iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi-çopan Ataýew bilen bolan söhbetdeşlikden soň Garagum sährasyna syýahat etdi.

Ýylyň bu paslynda Garagum sährasynda ümsümlik bilen ýakymly howa utgaşyp, ynsan ruhuna ýakymly täsir edýän gudrat bar. Siňňin ýagşa ezilen sähranyň ösümlik dünýäsinde özüne çekijilik duýulýar.
Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra haýwanlary üçin ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly şertleri döretmek dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň çäklerinde ekologiýa syýahatçylygyny kemala getirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly desgasyny goşmak kararyna gelindi. Munuň özi biziň ýurdumyzda medeni hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelýändigini we Watanymyzyň halkara abraýynyň artýandygyny görkezýän ýene bir subutnamasyna öwrüldi diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......