Gurbanguly Berdimuhamedow harby uçarmanlaryň gulluk we durmuş şertleri bilen tanyşdy

  • 12.01.2024 15:58
  • 28k+

11-nji ýanwarda Mary welaýatyna eden iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary hem-de harby uçarmanlaryň gulluk we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistan Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, aýratynda, harby tehnikalaryň aýawly saklanmagyny, harby uçarlarynyň uçuş-gonuş zolagynyň bellenilen kada laýyk bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şahsy düzümiň hünär derejesini nazaryýet, jemgyýetçilik, syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede gurmak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......