"Türkmenawtoulaglary" agentligi halkara gatnawlar üçin rugsatnamany nireden alyp bolýandygyny habar berdi

  • 12.01.2024 14:58
  • 15k+

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda hasaba alnan halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary ýurt döwletleriniň  rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek çäk degişliligi boýunça «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň bölümleri, ýagny Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi, sebitlerde bolsa Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlary boýunça ulaggözegçilik bölümleri, şeýle hem, Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalarynyň rugsatnamalaryny bermek hem-de resmileşdirmek bolsa Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki ulaggözegçiligi gullugy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi resmi saýtynda habar berýär.

Mundan başga-da, Azerbaýjan Respublikasynyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek Türkmenbaşy halkara deňiz porty gözegçilik-geçiriş ýerinden çykýanlar üçin gözegçilik-geçiriş ýeriniň özünde, we beýleki awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden çykýanlar üçin  (Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr) Azerbaýjan Respublikasynyň üsti bilen gelýän ýükleri getirýän awtoulag serişdeleriniň daşaýjylaryna, awtoulag serişdeleriniň hasaba alnan çäk degişliligi boýunça «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Rugsatnamalar we resminamalary seljeriş bölümi:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý.
Telefon belgisi: +993 12 39-02-61.
Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerde ulaggözegçiligi gullugy:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý.
Telefon belgisi: +993 12 39-02-74.
Balkan welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:
Salgysy: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Beýik Ýüpek ýoly köçesiniň ugrynda ýerleşýän ýolagçy awtomenzili.
Telefon belgisi: +993 61 08-86-62.
Daşoguz welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:
Salgysy: Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň Ylham köçesiniň 5-nji jaýy.
Telefon belgisi: +993 322 6-64-95.
Lebap welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:
Salgysy: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagyndaky Mary-Türkmenabat şossesiniň ugrunda ýerleşýän «Altyn-asyr» awtoduralgasy.
Telefon belgisi: +993 61 94-54-44.
Mary welaýaty boýunça ulaggözegçilik bölümi:
Salgysy: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Ýeňişiň 50-ýyllygy köçesi 52-nji jaýy.
Telefon belgisi: +993 522 5-60-28.


11.05.2026 22:55
867

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.2k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......