Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody bir ýylda 490 müň tonna golaý çig mal gaýtadan işledi

  • 10.01.2024 16:55
  • 8.4k+

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýylda haryt önüminiň hereket edýän nyrhynda umumy önümçilik meýilnamasyny 117,7 göterim amal etdi.

Geçen ýylyň dowamynda hem kärhana boýunça çig mallaryň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenilip, 413 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi. Munuň özi çig mallary gaýtadan işlemek we degişli önümleri öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryň degişlilikde agram hasabynda 110,7 we 100,2 göterim amal edilendigini aňladýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Öndürilen harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragy A-95, A-92 we A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaýy hem dizel ýangyjydyr. Şeýle hem zawodda dekabr-ýanwar aýlarynda jemi 30 müň 65 tonna golaý agyr wakum gazoýly, 5 müň 375 tonna mazut, 22 müň 680 tonna golaý hem ýol bitumy öndürilipdir.
Kärhanada önümçilige döwrebap enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň, şol sanda daşary ýurt sarp edijileriniň hem sanynyň artmagyna şert döredýär. Bu bolsa taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işler alyp barmaga ýardam edýär. Kärhanada öndürilýän önümleriň Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýändigini belläp geçmek bolar. 


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...