Alymlar aşa berk beton döretmek üçin kofe löderesini ulanmagy teklip etdiler

  • 10.01.2024 17:29
  • 12k+

Önümçilik wagtynda düzümine kofe löderesi goşulsa, beton 30% berkleşýär. Bu önüm şeýle görnüşde ulanylsa, organiki galyndylary gaýtadan ulanmak meselesini çözüp, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldyp biler diýip, Melburnyň Şa tehnologiýa uniwersitetiniň (RMIT) alymlary aýtdy.

Dünýäde her ýyl 10 milliard kilogram kofe galyndylary emele gelýär, olaryň aglaba bölegi zibil meýdançalaryna düşýär.

"Organiki galyndylary gaýtadan işlemek ekologiýa meselesini döredýär, sebäbi olar howanyň üýtgemegine täsirini ýetirýän köp mukdarda metan we kömürturşy gazyny çykarýar" - diýip, Inc. RMIT uniwersitetiniň inženeri Rajiw Roýçandyň sözlerini getirýär. Mundan başga-da, gurluşyk bazarynyň çalt ösmegi köp sanly ekologiýa  meselesini döredýän, resursy köp talap edýän betona bolan islegi artdyrýar, sebäbi pudagy kanagatlandyrmak üçin tebigy çäge yzygiderli gazylyp alynýar.

Kofe lödereleri ýaly organiki önümleri gönüden-göni betona goşmaly däl, sebäbi olar gurluşyk materialynyň güýjüni gowşadýan himiki maddalary bölüp çykarýar. Şonuň üçin gözlegçiler kofe galyndylaryny howasyz gurşawda 350° C-den ýokary temperaturada gyzdyrdylar (oňa piroliz diýilýär). Ol organiki molekulalary döwýär, netijede bioçar diýlip atlandyrylýan içi öýjük-öýjük, ugleroda baý agaç kömür emele gelýär.
Şeýle hem gözlegçiler 500° C-de kofe löderelerini pirolizirlemäge synanyşdylar, ýöne emele gelen bölejikler gatybir berk bolmady.
Bilermenleriň pikiriçe, gözleg entek başlangyç basgançakda, ýöne netijeler organiki galyndylaryň mukdaryny ep-esli azaltmagyň innowasion usulyny hödürleýär.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....